― 20 марта 2025 г.
Ruslan Akunyň “Jennet Eneleriň aýagynyň astyndadyr” filmi Türkiýede sungat söýüjiler bilen duşuşýar
Gyrgyzystanyň režissýory Ruslan Akunyň 2024-nji ýylda “Jennet Eneleriň aýagy astyndadyr” atly filmi 21-nji martda Türkiýede görkezilmäge başlar. Bu film duýgy çuňlugy we güýçli mowzugy bilen sungat söýüjileriň ünsini özüne çekýär. Akyl ösüşi 8 ýaşynda galan Adiliň, enesi Reýhany el arabasy bilen Mekkä bolan başdan geçirmeleri barada döredilen bu ajaýyp filmiň baş keşblerini Emil Esenaliýew we Anarkul Nazakulowa paýlaşdylar.
Wizual we duýgy taýdan täsir galdyrýan bu ajaýyp sahna tomaşaçylary adamzat, söýgi we jomartlyk mowzuklary bilen birleşdirýär. Gyrgyzystan tarapyndan Akademiýa baýraklaryna hödürlenen we 5 dürli ýurtda surata düşürilen “Jennet Eneleriň aýagynyň astyndaky” atly bu film, türki dünýäsiniň baý medeniýetini söýgi we jomartlyk mowzugy bilen birleşdirýän sahna hökmünde tapawutlanýar.
Ruslan Akun: Türki halklarynyň umumy gymmaty: Maşgala we sadaka
Gyrgyzystanyň režissýory Ruslan Akun Türkiýäniň Beýik Milli Assambleýasynda filminiň görkezilişinden soňra TÜRKSOÝ-daky duşuşykda öz eseri barada giňişleýin maglumat berdi.
Akun bu filmi türki halklary bilen paýlaşýan umumy medeniýetine we gymmatlyklaryna laýyk getirendiklerini mälim etdi we bu barada şeyle diýdi: "Bu film, enäniň çagasyna bolan söýgüsi, bu söýginiň dünýäni nädip üýtgedip biljekdigi we eneleriň balalaryna bolan aladalaryny barada gürrüň berýän filmdir. Biz türki halklarynyň doganlygyny we jebisligini görkezýän eser döretdik".
Akun filmiň mazmuny barada has giňişleýin maglumat bermek bilen bir hatarda: "Bu filmde baş gahrymanlar Gyrgyzystandan haç parzyny ýerine ýetirmek üçin Mekgä ähli türki döwletleriniň üsti bilen pyýada syýahat edýär. Filmdäki bu syýahat diňe bir zyýarat däl, eýsem türki halklarynyň doganlygyny we umumy gymmatlyklaryny hem görkezýär. Türki halklarynyň dili, medeniýeti we dini birmeňzeşdir" diýip belledi.
- Film 5 ýurtda surata düşürildi.
Film Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Türkiýede, Müsürde we Saud Arabystanynda surata düşürildi. Filmiň surata düşürilmegine bäş ýyl garaşandyklaryny belläp, Akun bu barada: "Filmi düşürmek pikiri, zyýaratçylaryň gadymy döwürde pyýada syýahatyny tamamlamagy bilen ylhamlandy. Adamlar şu gün Haja gidip bilerlermi? Bu soragy berdik we şu pikir esasynda filmimizi döretdik" diýip belledi. Filmiň Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň goldawy bilen amala aşyrylandygyny mälim eden Akun, film ýaýlyma goýberilenden soňra Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Tatarystan we Dagystan ýaly türki dünýäsinde uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. Akun öz sözlerinde: "Film bu ýurtlarda köp sanly tomaşaçy bilen duşuşdy we ýokary derejede rekord goýdy. Şeýle hem, Azerbaýjan, Malaýziýa, Indoneziýa we Singapur ýaly musulman ýurtlarynda sungat söýüjiler bilen duşuşdyk. Filme bolan garaýyşlaryndan diýseň hoşal bolduk" diýip buýsanç bilen belläp geçdi.
Türk seriallary we medeni gatnaşyklar
Akun öz söhbetdeşliginde türk teleserialynyň türki dünýäsine edýän täsirini nygtady. Söhbetdeşligiň soňky bölüminde Akun şeýle diýdi: "Türk teleseriallary türki ýurtlarynda uly gyzyklanma döredýär. Bu medeni gatnaşyklara hem uly täsir edýär. Meniň geljekde serial düşürmek arzuwym bar eger-de bu arzuwym amala aşmadyk bolsa-da “Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr” filmimde bir minutlyk türk teleserialyndan bölek ýerleşdirilendir. Bu meniň arzuwymyň bir bölegi diýip hasaplaýaryn. Türki dünýäsiniň ilaty 200 milliondan geçýär. Şeýle uly bazar üçin filmlerimizi birek-birege görkezmelidiris we bilelikdäki taslamalary öndürmelidiris. Geljekde bir gün Türki dünýäsi üçin kino bazarynyň dörediljekdigine ynanýaryn. Bu Türkiýedäki üçünji filmim. Türk filmleriniň ýokary derejede mümkinçilikleriniň bargydyna ynanýaryn we her pursatda iş mümkinçiliklerimizi ösdürmelidigimize ynanýaryn. 21-nji martdan başlap Türkiýedäki kinoteatrlarda görkezilip başlanjak “Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr" filmimize ähli kino söýüjilerine garaşýarys".
Filmiň görmezilmesi maksatlaşdyrylýan şäherleri:
- Stambul: Üsküdar, Fatih, Çamlyka, Eýüp, Zeýtinburnu, Baýrampaşa
- Ankara: Sinjan, Keçiören, Altyndag, Pursaklar, Mamak, Polatly
- Izmir: Foka, Bornowa, Karabaglar, Gaziemir, Menemen, Aliaga
- Bursa: Osmangazi, Ýyldyrym, Nilüfer, Gemlik
- Konýa: Seljuklu, Meram, Karataý
- Adana: Seýhan, Ýüregir, Çukurowa, Saryçam
- Antalýa